Serdar Berdimuhamedow «Awazada» welosipedli gezelenç etdi

  • 15.08.2024 10:24
  • 14k+

Zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutany welosipedli gezelenjiň dowamynda Hazaryň kenarynda ýerleşýän dünýä derejeli syýahatçylyk zolagynyň gözelliklerini synlady. Ýakymly howa gurşawynyň we ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän döwrebap şypahana-dynç alyş ulgamynyň bolmagy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň meşhurlygyny has-da artdyrdy.
Ylmy barlaglaryň tassyklaýşy ýaly, welosiped sürlende bedene kadaly agram salynmagy esasynda adamyň çydamlylygy, işe ukyplylygy ýokarlanýar, beden bogunlary we myşsalar, nerw ulgamy berkeýär. Welosport, welosipedli gezelençler gan basyşynyň kadalaşmagyna, ýürek-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiliginiň peselmegine ýardam berýär. Welosiped sürmek bedeniň madda çalşygyny gowulandyrýar, onuň kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar, uzak wagtlyk şähdaçyklyk eçilýär. Aýaklaryň yzygiderli hereketleri ganyň damarlarda doňup galmagynyň öňüni alýar. Munuň özi hereketleriň sazlaşygy üçin netijeli türgenleşik bolup, ünsüňi bir ýere jemlemäge mümkinçilik berýär.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......