Türkmenistan Seýşeller Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 14.08.2024 12:52
  • 5.2k+

13-nji awgustda Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekildi. Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki ilçihanasynyň binasynda geçirilen dabarada Teswirnama Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Serdarmämmet Garajaýew we Seýşeller Respublikasynyň BAE-däki ilçisi Jerwe Mumu gol çekdi.

Teswirnama, iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de berkitmek islegine esaslanyp, Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik we konsullyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny göz öňünde tutýar. Resminamada döwletleriň özygtyýarly deňligi, özara hormat, içeri işlere goşulyşmazlyk ýörelgeleri, şeýle hem BMG-niň Düzgünnamasy we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri nygtalýar diýip, Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynda habar berdiler.
Teswirnama gol çekmek dabarasyndan soň, ilçiler Türkmenistan bilen Seyşeller Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyndan başga-da, Türkmenistanyň we Seýşel adalarynyň arasynda medeni gatnaşyklary we syýahatçylygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ilçi Serdarmammet Garajaýew Türkmenistandaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde alyp barýan işleriniň aýdyň mysaly bolup durýandygyny mälim etdi. Ol Seýşel adalaryndan gelýän syýahatçylara arassa kenarlary we dünýä derejesindäki dynç alyş merkezleri bilen tanalýan bu täsin ugruň mahabatyny güýçlendirmek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini belledi.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....