1001-nji harby bölümde Mälikguly Berdimuhamedowyň ýadygärligi hatyralandy

  • 13.08.2024 18:04
  • 74k+

12-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň atasy, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kyblasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömrüne bagyşlanan çäreler geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň Medeniýet öýünde «Dowamat-dowamly mertdir pederim» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Şeýle hem bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň gulluk ýyllarynda dolandyran moto we awtoulaglaryň sergisi guraldy.
Soňra dabara Aşgabadyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumyndaky Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda dowam etdi. Bu ýere ýygnananlar ýaşaýyş jaý toplumynyň dolandyryş binasynda ýerleşýän Mälikguly Berdimuhamedowyň diwar heýkeline tagzym etdiler.
Dolandyryş binasynda Mälikguly aganyň özboluşly muzeýi hem ýerleşýär. Onda arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenendir.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......