Dubaýyň howa menzili ýarym ýylda 44,9 mln ýolagça hyzmat edip rekord goýdy

  • 13.08.2024 16:06
  • 20k+

Dünýäniň iň uly transport merkezleriniň biri bolan Dubaýyň Halkara howa menzili 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda rekord ýolagçy akymyny hasaba aldy. Ýanwar – iýun aýlarynda howa menzili 44,9 mln ýolagça hyzmat etdi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8% köpdür diýip, Dubai Airports kompaniýasynyň metbugat relizine salgylanyp, TASS habar berýär.

Ýolagçylaryň köpüsi Hindistandan (6,1 mln), Saud Arabystanyndan (3,7 mln) we Beýik Britaniýadan (2,9 mln) geldi.
Hasabat döwründe howa menzili 216 müň gatnaw kabul etdi, bu 2023-nji ýylyň birinji ýarymyndakydan 7,2% köpdür. Iň netijeli aý 7,9 mln ýolagçy bilen ýanwar boldy.
Dubai Airports-yň baş müdiri Pol Griffits howa menziliniň 2024-nji ýylda 91,8 mln ýolagçyny kabul etmäge taýýarlanýandygyny aýtdy.

“Biz täze rekordlara tarap barýarys we 2024-nji ýylda 91,8 mln myhmany kabul etmegi meýilleşdirýäris” – diýip, ol aýtdy.

Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylda howa menziliniň ýolagçy akymy 86,9 mln adama ýetdi. COVID-19 pandemiýasyndan öň rekord görkeziji 2018-nji ýylda boldy – 89,1 mln ýolagçy.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......