Aşgabatda sentýabr aýynda TIF 2024 maýa goýum forumy geçiriler

  • 13.08.2024 14:04
  • 3.1k+

Şu ýylyň 19-20-nji sentýabrynda Aşgabatda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda «Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy» (TIF-2024) atly halkara forum geçiriler.

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagta çenli TIF-2024-e gatnaşmak üçin 20 ýurtdan 100-den gowrak adamlar bellige alyndy. 
Forum Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we esasy halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň, şeýle hem energetika, infrastruktura we maliýe ulgamyndaky bilermenleriň arasynda özara gatnaşyklar üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
BSG-ä girmek meseleleri boýunça bölümiň direktory Maýka Oşikawa foruma gatnaşyjylaryň esasylarynyň biri bolup, ol Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamyna ýakynlaşmagy ugrundaky işler babatda öz garaýyşyny paýlaşar. BSG-niň hukuk meseleleri boýunça işgäri Anna Warýanik halkara hyzmatdaşlygyň hukuk ugurlary barada gürrüň berer. Bütindünýä bankynyň Gazagystandaky hemişelik wekili Andreý Mihnewiň gatnaşmagy hem foruma aýratyn ähmiýet berýär, ol sebitiň ykdysady taýdan ösüşine Bütindünýä bankynyň garaýyşlary barada beýan eder. Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa bölüminiň müdiri Uilýam Tompson hem-de BMG-niň ÝYT-niň DHH-y bölüminiň ýolbaşçysy Toni Bonniçi çykyş edip, ählumumy ýagdaýlar babatda ykdysady we durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary barada gürrüň bererler.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......