«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça ýeňijileri yglan edildi

  • 13.08.2024 11:52
  • 7.6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmenabat şäheriniň «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bu bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň düzgünnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlaryndan ybarat eminler topary tarapyndan höwesjeň ýaş zehinleriň sahnada özlerini alyp baryş medeniýetine, aýdym aýdyş ussatlygyna, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryna, aýdymlaryň mazmun derejesine uly üns berildi. Eminler toparynyň çykaran netijesi boýunça ýaş zehinli aýdymçylaryň 2-si –Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Jumaýew hem-de Halaç etrabyndan Saparmyrat Tekäýew telebäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de olar «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......