Ýaldyrak dogdy. Türkmen milli senenamasynyň täze döwri başlandy

  • 12.08.2024 08:06
  • 20k+

12-nji awgustdan türkmen milli senenamasynda ýaldyrak döwri başlandy. Ol 40 gün dowam edýär. Şol döwrüň içinde ol özüniň yssy gündizleri, salkyn gijeleri bilen eýýäm öňde güýzüň ýetip gelýändigini ýatladýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu döwürde daýhan güýzlük ekinleriň ugruna çykýar, maldar mallaryň güýz gyrkymynyň aladasy bilen bolýar. Bu ýyl üçýyldyz döwründe aşa gyzgyn günler köp boldy.

“Ýaldyrak doganda, gündogarda daňdanlar görünýär. Ol adyndan belli bolşy ýaly, ýaldyrap, şöhle saçyp duran uly ýyldyzdyr. Göýä şu ýyldyzyň dogmagyna garaşýan ýaly, tebigatda dessine birnäçe üýtgeşmeler bolup başlaýar. Ilki bilen-ä, gijelerine howa salkynlaşyp, çyg düşüp başlaýar. Säher bilen ösümlikleriň ýapragynyň, öseriniň üstünde bulduraşyp duran çyg damjalary olara jan beren ýaly bolýar. Jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp başlaýar.
Çarwalar ýaldyrak dogandan soňra, güýz gyrkymyna taýýarlyk görse, daýhanlar bugdaý ekjek ýerlerini tekizläp, suwaryp başlaýarlar. Elbetde, bu ýagdaýlar ildeşlerimiziň göwün küýsegini-de görkezýär. Ýogsam ýaldyragyň dogmagy bilen entek öňde yssy günler ýeterlik” diýlip, gazetde bellenilip geçilýär.

Ýaldyrak döwri 23-nji sentýabra çenli dowam edýär.


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.6k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......