Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagynda driftingiň dürli usullaryny görkezdi

  • 11.08.2024 15:27
  • 21k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Aşgabadyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagyň dessine tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini amala aşyrdy, mümkin bolan iň ýokary tizlikde merkeziň türgenleşik meýdançasynyň ýollaryny geçip, driftingiň dürli usullaryny ulanyp, sport ulagyny dolandyrmakda ussatlygyny görkezdi.
Sport-ulag merkeziniň drift meýdançasynda ulag sürmegiň ussatlygyny we uly tejribesini ýene-de bir gezek görkezip, sürüşini tamamlady.
Soňra bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow Sport ulag merkeziniň ýolbaşçysy R.Begenjow bilen söhbetdeş boldy. Häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işler, Awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen gyzyklandy.
R.Begenjow öz aralaryna gelip, merkeziň işi bilen gyzyklanýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu ýerde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri geçirmäge hem-de netijeli bäsleşikleri guramaga ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Şeýle hem ol häzirki döwürde awtomobil sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny we merkezde awtomobil sportunyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikleriň guralýandygyny habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Sport ulag merkeziniň ozal boş ýatan künjekde gurlandygyny belläp, häzirki döwürde onuň işiniň talabalaýyk guralmagy ugrunda bu ýerde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilendigine kanagatlanma bildirdi. Merkeziň çäginde sport awtoulaglaryny talabalaýyk dolandyrmak, şeýle hem onuň işini toplumlaýyn esasda alyp barmak ugrunda döredilen şertler ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýär. Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň çäginde döredilen ugurdaş desgalar toplumynyň özboluşly şäherçä öwrülendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, bu ýerde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol-gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe desgalaryň döredilendigini, onuň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem-de gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlaryň gurlandygyny, şeýle hem bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde bolsa, bu ýerde şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek we ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat berdi hem-de ýaşaýyş toplumlarynyň ýanynda awtomobil sportuna degişli desgalaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagynyň maksadalaýyk hasaplanylmaýandygyny, ýaryş geçirilende ýokary tizlikde hereket edýän batly sesli awtoulaglaryň raýatlaryň rahatlygyny bozmazlygyny, şeýle hem bu ugra höwesek ýaşlaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, merkezi göçürmek teklibini öňe sürdi.
Merkeziň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu maslahatynyň taryhy ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de merkeziň ähli işgärleriniň we gullukçylarynyň adyndan sagbolsun aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze toplumyň dörediljek ýeri kesgitlenilse, bu babatda öňe sürlen teklibi Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýtdy.


03.06.2026 17:49
3.8k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......