Hytaý gury ýerde juda çuň guýulary burawlamak boýunça rekord goýdy

  • 10.08.2024 23:22
  • 12k+

Hytaýyň Milli nebit we gaz Korporasiýasy (CNPC) gury ýerde has çuň guýulary burawlamakda täze rekord gazandy. Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Takla-Makan çölüniň Tarim nebit ýatagynda ýerleşýän “Ha 13-H9” guýusynda 24 sagatda 2006 metr burawlandy diýip, Naked Science habar berýär.

Burawyň soňky çuňlugy 7341 metre ýetdi.
Şeýle üstünlikleriň, CNPC hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde gazanylandygy bellenip geçilýär. 220 gradusa çenli temperatura çydamly buraw turbalarynyň we ýylylyga çydamly buraw suwuklyklarynyň ulanylmagy buraw işleriniň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etdi. Şeýle hem, uly çuňluklarda işlemäge ukyply barlag gurallary ulanyldy.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......