Germaniýanyň ýaşaýjysy ilkinji bolup dünýäniň üç Michelin ýyldyzly ähli restoranlaryna baryp gördi

  • 10.08.2024 12:20
  • 6.5k+

Germaniýanyň ýaşaýjysy Mattias Rul dünýädäki üç Michelin ýyldyzly 145 sany restorana baryp gören ilkinji adam boldy. Bild-iň materialynda aýdylyşyna görä, bu maksada ýetmek üçin ol, takmynan, 200 müň ýewro sarp edipdir.

Ruluň kellesine şeýle pikir koronawirus pandemiýasy wagtynda, eýýäm altmyş sany şunuň ýaly restorana baryp görende gelipdir.
Rul çykdajylaryny hasaplap görüpdir: azyk üçin 100 müň ýewro, ulag çykdajylary üçin hem ýene şonçarak mukdardaky pul sarp edilipdir. Her restorana baryp görmek oňa 250-500 ýewro düşüpdir, ýöne Şanhaýdaky Ultraviolet restoranynda 1400 ýewro durýan iň gymmat agşamlyk naharyny edinipdir.
Ýapon restoranlary iň ýokary derejedäki hyzmaty we naharlarynyň hili bilen Rulda aýratyn täsir galdyrypdyr.
Üýtgeşik naharlara aýratyn gadyr goýýandygyna garamazdan, Rul käteler dogduk şäherindäki ýönekeý kebabyň gözüne has yssy görünýändigini boýun alýar. Ömrüniň iň soňky tagamyny saýlamaly bolsa, ol otdan edilen dorogly gowrulan ýeralmany – däp bolan baden tagamyny saýlardy.


şu gün 16:31
1.7k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

şu gün 14:41
2.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

şu gün 00:59
5.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.4k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......