Ýyldyzlarara uçuşlar üçin ýeňil Gün ýelkeni döredildi: çykdajylar 9000 esse azalar

  • 10.08.2024 12:15
  • 3.4k+

Niderlandlardan we ABŞ-dan gelen halkara alymlar topary ýyldyzlarara syýahatlary üçin Gün ýelkenlerini köpçülikleýin öndürmek tehnologiýasyny hödürledi.

Kremniý nitridinden döredilen foton kristalynyň galyňlygy bary-ýogy 200 nm, ölçegleri bolsa 60 × 60 mm. Täze gurluş, Gün ýelkenleriniň önümçiliginiň bahasyny bar bolan analoglaryňkydan 9000 esse arzan eder.
The Breakthrough Initiatives maksatnamasy tarapyndan goldanýan bu taslama, Alpha Centauri-daky barlaglary çaltlaşdyrmak üçin lazer basyşyny ulanýar. Iň möhüm üstünlikleriň biri hem, ýagtylygyň ugruny netijeli üýtgedýän we zerur güýje eýe bolan ýeňil materialyň döredilmegi boldy. Gurluşy işjeňleşdirmek üçin kristal önümçiliginde maşyn öwreniş tehnologiýalary ulanyldy.
Alymlar bu tehnologiýanyň, diňe bir çykdajylary azaltman, eýsem ýyldyzlararasy gözlegler üçin täze gözýetimleri açýandygyny we geljekki kosmos maksatnamalaryna uly üstünlik getirip biljekdigini belläp geçýärler.


düýn 11:10
1.1k+

OpenAI we Anthropic iň täze AI modellerini ýapyk tertipde çykarýar: näme üçin beýlekä?

OpenAI kompaniýasy öz blogunda çat-botunyň iň täze wersiýalary bolan GPT-5.6 Sol-yň, Terra-nyň we Luna-nyň çykarylandygyny mälim etdi. ABŞ-nyň hökümetiniň talap etmegi boýunça bu modellere elýeterlilik hökümet......

28.06.2026 10:31
6.7k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1.1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.2k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......