Hytaýda 19 sany täze hünär resmi taýdan tassyklanyldy. Aglabasy sanly ykdysadyýete degişli

  • 10.08.2024 11:54
  • 4.3k+

South China Morning Post-yň habar bermegine görä, Hytaýyň Adam resurslary we sosial üpjünçilik ministrligi täze 19 hünäriň ykrar edilendigini habar berdi. Täze hünärleriň aglabasy sanly ykdysadyýet we innowasiýa pudaklary bilen baglanyşykly bolup, munuň özi bu pudaklaryň çalt ösýändigini görkezýär.

Täze hünärleri tassyklamak işi geçen ýylyň ahyrynda başlandy, ýöne gutarnykly  sanaw diňe 31-nji iýulda çap edildi. Täze hünärleriň içinde onlaýn-strimer, akylly awtoulagy synag edýän sürüji, emeli aň programmalary boýunça hünärmen we bioinženerçilik boýunça tehnik bar.
Ministrlik täze hünärleriň döredilmeginiň iş ýerleriniň, hünär biliminiň we okuwyň ösmegine täsirini ýetirýändigini aýtdy. Şeýle hem, bu zähmet standartlarynyň derejesini ýokarlandyryp, iş bilen üpjünçiligi we telekeçiligi ösdürip biler.
Sinhua döwlet habarlar gullugy täze hünärleriň ykrar edilmegi işçilerde ynamy artdyrýandygyny we milli syýasatdan peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini sözüň üstüne goşdy. Hususan-da, Hytaýda zähmet bazaryna ep-esli täsirini ýetirýän onlaýn-strimeriň hünäri aýratyn tapawutlanýar.


şu gün 08:03
5.2k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

düýn 12:23
1.6k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.9k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....