Samsung Galaxy Z Fold6 we Z Flip6-da kamera linzalary üçin hili pes ýelim ulanylan bolup biler

  • 10.08.2024 11:48
  • 4.2k+

Täze eplenýän Samsung Galaxy Z Fold6 we Z Flip6 smartfonlarynyň eýeleri kamera linzalarynyň gaçmak meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Mobiltelefon portalynyň habar berşi ýaly, ulanyjylar sosial ulgamlarda zeper ýeten gurluşlaryň suratlaryny ýerleşdirip, gurnama hiline nägilelik bildirýärler.

Mesele kameralara goýlan gorag linzalarynyň we dekoratiw halkalaryň kamera bloguna ýelimlenendigi, olaryň korpusyň bir bölegi däldigi bilen baglanyşyklydyr. Görnüşi ýaly, berkitmek üçin hili pes ýelim ulanylypdyr. Linzalar smartfon jübä ýa-da el torbasyna salnanda, gaçyp bilýärler, netijede kameralar tozandan we zeperlerden goragsyz galýarlar.
Samsung gurluşlaryň IP48 standarty boýunça goraglydygyny nygtaýar, ýöne ulanyjylar bu goragyň ygtybarlylygyna şübhelenýärler, şeýle-de bolsa galan ýagdaýlarda Galaxy Z Fold6 çydamlylyk synagyndan geçdi.
Häzirlikçe mesele giňden ýaýramadyk, ýöne wagtyň geçmegi bilen, aýratynam, çyglylygyň we temperatura üýtgemeleriniň täsiri astynda onuň ýaýramak ähtimallygy bar. Gurluşlaryň bahasy ýokary bolmagynda galýar, hut şu hem ulanyjylar oňaýsyz ýagdaýa düşürýär.


11.04.2026 14:59
7.5k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.1k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.7k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...