Samsung Galaxy Z Fold 6 smartfony çydamlylyk boýunça ýowuz synagdan geçirildi

  • 03.08.2024 14:15
  • 8.8k+

Bloger JerryRigEverything Samsung Galaxy Z Fold 6 smartfonyny çydamlylyk synagyndan geçirip, onuň çyzylmalara, eplenmä, çägä we oda garşy durnuklylygyny barlap gördi.

Smartfonyň iki displeýi hem çyzylmalara durnukly boldy: içerki ekranda Moos şkalasy boýunça gatylygy iki bolan guralyň täsiri astynda sypjyryklar peýda boldy, daşarky ekran bolsa diňe altynjy derejeli gurluşyň basyşyndan ejiz geldi.
Şarnir döwülmezden köp gezek eplenmä çydady.
Bloger içerki displeýe we smartfonyň şarnir epinine çäge guýup gördi. Ekrana zeper ýetmedi, ýöne şarnir epinine düşen çäge smartfon eplenende şygyrdy döretdi.


Synagyň dowamynda bloger içerki displeýe ot tutup gördi, birnäçe wagtdan soň ekranda ýaşylymtyl yz galdy, ýöne ol şonda-da işlemegini dowam etdi. Gurluşda Galaxy Z Fold 6-nyň içerki displeýiniň sag böleginde kiçiräk kertik peýda bolandan soň, kiçiräk alawlama ýüze çykdy.
Ahyrky netijede wideonyň awtory Samsung Galaxy Z Fold 6-nyň gündelik synaglara çydap bilýän berk gurluşdygy baradaky netijä geldi.
Ýatlap geçsek, Galaxy Z Fold 6 täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan esasy 7,6 dýuým Dynamic AMOLED 2X displeýine we 6,3 dýuýmlyk daşarky ekrana eýe boldy. Akkumulýatoryň sygymy 4400 mA/sag. Gajetiň çykanyna bir aý töweregi boldy.


03.01.2026 23:32
5.2k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini görkezdi

Samsung iki sany täze gurluşyny – Galaxy A17 5G smartfonyny we Galaxy Tab A11+ planşetini hödürledi. Olaryň ikisi-de öňki modeller bilen deňeşdirilende kämilleşdirildi. Galaxy A17 5G smartfony Full HD+ durulygy we 90 Gs täzelenme ýygylygy bilen 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekranyna eýe boldy...

31.12.2025 08:14
1.2k+

Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär...

27.12.2025 17:19
9.1k+

Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?

Meşhur JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory Zak Nelson Samsung-yň ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň berkligini barlady. Synagyň netijesi gynandyryjy boldy: enjam düzedip bolmajak derejede zeper aldy...

24.12.2025 10:18
1.6k+

Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar

Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly...