Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar

  • 24.12.2025 10:18
  • 1.7k+

Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly.

Galaxy Wide Fold-yň indiki ýylyň güýzünde tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Smartfon 4:3 gatnaşykly, 7,6 dýuýmlyk içki OLED displeý bilen üpjün ediler. Bu format suratlary we web sahypalaryny görmek üçin has amatly hasaplanýar. Deslapky maglumatlara görä, Apple-iň eplenýän iPhone-y hem meňzeş ölçegli — 7,58 dýuýmlyk ekran bilen üpjün ediler.
Habar berlişine görä, Apple kompaniýasy ekranyň açylanda emele gelýän epin yzynyň känbir bildirmezligi üçin üýtgeýän galyňlykdaky aşa inçe aýna ulanmagy meýilleşdirýär. Bellemeli zat, hytaýly öndürijileriň hem şuňa meňzeş çözgüdi ulanmagy göz öňünde tutýandygy sebäpli, Apple bu tehnologiýany ornaşdyran ilkinji kompaniýa bolman hem biler.
Şeýle hem Galaxy Wide Fold 5,4 dýuýmlyk daşarky displeýe eýe bolar we 25W simsiz zarýad berijini goldar. Bu zarýad beriji tehnologiýasynyň 2026-njy ýylyň başynda Galaxy S26 Ultra bilen birlikde peýda bolmagyna garaşylýar. TrendForce-yň çaklamasyna görä, Apple-iň ilkinji eplenýän smartfonynyň çykarylmagy bilen, bu segmentiň global bazardaky paýy 2027-nji ýyla çenli 1,6%-den 3%-e çenli ýokarlanyp biler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...