Samsung CES 2026 sergisinde «Music Studio» atly täze dizaýnerçilik akustikasyny görkezer

  • 31.12.2025 08:14
  • 1.3k+

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde öý üçin niýetlenen täze «Music Studio» akustika ulgamlaryny hödürlemäge taýýarlanýar. Bu enjamlar kompaniýanyň sungat eseri hökmünde görünýän tehnologiýalary döretmek çemeleşmesine doly laýyk gelýär. Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi mundan ozal hem edil surat ýaly görünýän «The Frame» telewizoryny çykarypdy.

«Music Studio» ulgamynyň daşky görnüşi fransuz dizaýneri we suratkeşi Erwan Burullek bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Kompaniýa sergide iki modeli görkezer. Music Studio 5 toplumyň kiçi modeli bolar. Ol 4 dýuýmlyk pes ýygylykly dinamik we iki sany ýokary ýygylykly ses beriji bilen üpjün edilen.
Iň ýokary derejeli Music Studio 7 modeli bolsa 3.1.1 kanally ulgamdyr. Ony aýratyn kolonka hökmünde ulanyp, stereo ses üçin jübütläp ýa-da beýleki gabat gelýän simsiz dinamiklere, saundbarlara we Samsung telewizorlaryna birikdirip bolýar. Enjam 24-bit/96 kGs ölçeginde ýokary durulykdaky (Hi-Res) sesi goldaýar.
Iki modelde hem sesi bozmazdan, pes ýygylyklary (baslary) güýçlendirýän «AI Dynamic Bass Control» tehnologiýasy bar.
Samsung häzirlikçe jikme-jik tehniki aýratynlyklary aýan etmedi. «Music Studio» barada goşmaça maglumatlar ýanwar aýynyň başynda geçiriljek CES 2026 sergisinde belli bolar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...