Samsung Galaxy Z TriFold-y ýakyp, çyzyp, söküp gördüler: smartfon synaglara döz geldimi?

  • 27.12.2025 17:19
  • 9.3k+

Meşhur JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory Zak Nelson Samsung-yň ilkinji üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň berkligini barlady. Synagyň netijesi gynandyryjy boldy: enjam düzedip bolmajak derejede zeper aldy.

Synagyň esasy netijeleri:

  • Tozan goragy (IP48): Bloger enjamyň IP48 gorag standartyna şübheli garady. Hakykatda, smartfonda hakyky tozan goragynyň ýokdugy anyklandy. Şarnirlerdäki magnitler sebäpli mehanizmiň içine düşen tozan zerrejikleri gysga wagtyň içinde gyjyrdyly sesleriň emele gelmegine sebäp boldy.

Ekran berkligi:

  • Daşky ekran: Mohs şkalasy boýunça 6-njy we 7-nji derejelerde çyzylyp başlady.
  • Içki ekran: Gorag plýonkasy gaty ýuka bolup, oňa hatda barmak dyrnagy bilen basylanda hem yz galýar.
  • Oda çydamlylygy: Açyk alawyň täsiri astynda daşky ekran takmynan 1 minut, içki ekran bolsa bary-ýogy 10 sekunt çydap bildi. Her iki ekranda hem yzyna gaýtaryp bolmajak tegmiller emele geldi.
  • Gurluşyň berkligi: Smartfony açyk ýagdaýynda tersine egmäge synanyşylanda, enjam birden döwüldi we hatardan çykdy. Alýumin gapdal paneller we plastmassa arka panel aňsatlyk bilen çyzyldy, ses sazlaýjy düwmeleri bolsa ýerinden gopup aýryldy.

Smartfon sökülende, Samsung-yň inženerleriniň batareýalary korpusyň her üç bölegine aýratyn ýerleşdirendigi mälim boldy. Bloger Zak Nelsonyň aýtmagyna görä, enjamyň aşa ýukalygy we birikdiriji şarnirleriň köplügi ony mehaniki basyşlara garşy örän ejiz edýär.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...