Serdar Berdimuhamedow: «Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk»

  • 09.08.2024 18:15
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda häzirki döwürde dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy gorap saklamak Merkezi Aziýa döwletleri üçin esasy ileri tutulýan ugur bolmagynda galmalydygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, biz özboluşlylygymyzy, özbaşdaklygymyzy hem-de içerki we daşarky ösüş nusgalarymyzy saýlamak hukugymyzy gorap saklamak bilen, sebitimizi gülläp ösýän we häzirki zaman ählumumy gatnaşyklara çuňňur goşulyşan sebite öwürmegi maksat edinýäris. Döwlet Baştutany diňe şeýle şertlerde döwletlerimiziň we halklarymyzyň özlerine mynasyp geljek üpjün etjekdiklerine berk ynan bildirdi.

«Sebitimizi daşarky täsirleriň astyna, hususan-da, gapma-garşylykly ýagdaýlara düşürilmegine, Merkezi Aziýanyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bolan geosyýasy, ykdysady, medeni giňişlik hökmünde özbaşdaklylygyna şübhelenmek üçin esas döretmäge ýol berilmeli däldir. Biziň halklarymyzyň öz gün tertibi bar: bular – parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy..


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....