Dalaşgär – 2024: Aşgabat şäherindäki "Ykdysatçy" okuw merkezi diňleýjileri okuwa çagyrýar

  • 09.08.2024 11:50
  • 5.1k+

“Ykdysatçy” okuw merkezi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar boýunça gysga möhletli okuwlara kabul edilýändigini yglan edýär:

  • Buhgalter - 10 aý.
  • Bank işi - 10 aý.
  • Işewürlik we telekeçilik - 10 aý.
  • Işewürlik-informatika - 10 aý.

Okuwlara 35 ýaşa çenli, orta bilim hakyndaky resminamasy bar bolan raýatlar kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • arza;
  • orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • saglyk kepilnamasy;
  • soňky okuw ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;                                                                                           
  • 3x4 ölçegdäki iki sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • ýaşaýan ýeri boýunça harby wekilliginiň güwähaty (oglanlar üçin).

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki "Ykdysatçy" okuw merkezinde kabul edilýär.
Salgysy:  Aşgabat şäheri., 1972-nji (Atatürk) köçe, 73, 
Telefonlar:
+993 12 48-62-94;
+993 (65) 558179.


27.02.2026 12:04
3.4k+

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça dört resminama gol çekdi

Londonda Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygynyň binýadyny emele getirýän dört resminama gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär...

27.02.2026 09:47
1.7k+

Germaniýada Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirildi

23-25-nji fewral aralygynda Germaniýanyň Halle şäherinde Ýokary bilim we ylym boýunça Germaniýa–Merkezi Aziýa forumy geçirildi. Çäreleriň meýdançasy hökmünde Germaniýanyň «Leopoldina» milli ylymlar akademiýasynyň ştab-kwartirasy hyzmat etdi...

26.02.2026 22:40
4.8k+

Londonda Türkmenistan bilen Britaniýanyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryna seredildi

25-nji fewralda Londonda Türkmenistanyň wekiliýeti Britaniýanyň abraýly uniwersitetleriniň, degişli guramalaryň we halkara bilim kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew wekilçilik etdi...

25.02.2026 16:18
2.4k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Gyrgyzystanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň bilim ministri J. Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi...