9-njy awgustda agşam Ýerde magnit hadysasy başlanar

  • 09.08.2024 11:12
  • 10k+

Ýerde magnit hadysasynyň işjeňleşmegine garaşylýar diýip, RBK Life portaly Telegram sahypasynda habar berýär.

Gün astronomiýasy barlaghanasynyň çaklamasyna görä, magnit hadysasy 9-njy awgustda agşam 20:00-dan (Aşg. wagty bilen) soň başlanar we 10-njy awgustda 17:00-a çenli dowam eder. Iň ýokary derejesine ýarygije çykar - bu derejäniň güýçlülik babatda orta dereje bolmagyna garaşylýar (G2).
Şenbe güni agşam magnit hadysasynyň kadaly ýagdaýyna gelmegine garaşylýar.
Howanyň üýtgemegine garaşly adamlar magnit hadysasy wagtynda başaýlanma, kapillýar gan aýlanyşyň haýallamagy, basyşyň üýtgemegi, ukusyzlyk, tahikardiýa ýaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler.
Geljek 27 günüň çaklamalaryna görä, indiki magnit hadysasy Ýere 1-nji sentýabrda aralaşar.


15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.2k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...