Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystana ugrady

  • 09.08.2024 10:24
  • 4.1k+

Şu gün - 9-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar ugratdylar diýip, TDH habar berýär.
Oňyn bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejesinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
856

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....