Dalaşgär – 2024: Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi okuwa çagyrýar

  • 08.08.2024 21:13
  • 6.4k+

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
  2. Himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak.
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  4. Suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny akdyryş.
  5. Dokmaçylyk we ýeňil senagat önümçiliginiň tehnologiýasy.
  6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
  7. Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy.
  8. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatizasiýasy.
  9. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände goramak.
  10. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
  11. Nebiti we gazy gaýtadan işlemek.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl.
Resminamalar Türkmenabat şäherinde 19-njy awgusta çenli kabul edilýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary abatlamak; organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; nebiti we gazy gaýtadan işlemek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasy esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Gerekli resminamalaryň sanawy we goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz.
Salgysy: Lebap welaýaty, Türkmenabat ş., Amul şäherçesi, Dostluk köçesi, 20.
Telefonlar: 7-17-25;
7-91-04.


02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......