Disney+ we Hulu ilkinji gezek çärýek girdejisini aldylar

  • 08.08.2024 21:01
  • 1.7k+

Walt Disney korporasiýasynyň Disney+ we Hulu platformalaryny öz içine alýan striming bölümi taryhynda ilkinji gezek çärýegi girdeji bilen tamamlady. Bu barada baş kompaniýanyň hasabatynda habar berilýär.

Iýun aýynda tamamlanan üçünji çärýegiň jemi boýunça, striming bölümi 47 mln dollar operasion girdeji aldy. Bir ýyl ozal Disney+ we Hulu 512 mln dollar möçberde ýitgi çekipdi.
Hasabat döwründe tutuş Walt Disney-iň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 460 mln dollar ýitgi bilen deňeşdirilende, 2,6 mlrd dollar boldy.
Bu döwürde Disney Plus platformasy ABŞ-da we Kanadada 1 milliona golaý täze abunaçy hem jemläp, olaryň umumy sanyny 54,8 milliona ýetirdi. Hulu platformasyna ýazylanlaryň sany bolsa çärýekde 50,2 milliondan 51,1 milliona ýetdi.
Baş kompaniýa striming bölümi üçin dördünji çärýegiň hem girdejili boljakdygyny çaklaýar. Adatça, ol köp maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär – soňky birnäçe ýylda Disney we onuň hyzmatdaşlary Disney+ bilen Hulu platformalaryna birnäçe milliard dollar maýa goýdular.


düýn 19:42
1.5k+

LEGO «Harri Potteriň» 25 ýyllygyna sekiz sany täze toplum çykarar

LEGO kompaniýasy «Harri Potter» franşizasy boýunça seriýanyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany täze toplumyň çykaryljakdygyny yglan etdi. Ilkinji bäş toplum 1-nji iýunda, galan üçüsi bolsa 1-nji awgustda......

22.02.2026 17:37
2.9k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler...

21.01.2026 10:11
1.1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.5k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...