Türkiýe syýahatçylar üçin Giresun mifiki adasyny açar

  • 08.08.2024 11:21
  • 6.4k+

Türkiýäniň Syýahatçylyk we medeniýet ministri Gara deňziň gündogar böleginde ýeke-täk ilatly ada bolan Giresun adasyny gaýtadan janlandyrmak boýunça taslamany yglan etdi. Bu barada Turizm News habar berýär.

Adybir şäherden 1,2 km uzaklykda ýerleşen Giresun täze syýahatçylyk maksatnamasynda esasy orny eýelär. Ada Aretias ady bilen hem tanalýar we köp rowaýatlarda, şol sanda amazonkalar, argonawtlaryň Altyn goýun derisi üçin syýahatlary baradaky rowaýatlarda ýatlanýar. Rowaýatlara görä, argonawtlaryň üstünden demir ýelekleri ýagdyran guşlar hut şol ýerden uçup gelipdir. Ada Gomeriň “Odisseýinde” hem agzalyp geçilýär.
Taslama bu taryhy künjegiň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häkimiýetler adany jahankeşdeler üçin has elýeterli etmek isleýärler.
Häzirki wagtda bary-ýogy 4 gektar meýdany eýeleýän Giresun adasy hiç hili gezelenç ugruna girmeýär, muňa garamazdan, her ýyl 50 müňe golaý özbaşdak syýahatçyny özüne çekýär. Bu ada iýun – oktýabr aýlarynda Giresun şäherinden katerde baryp görmek bolýar.
Taslamanyň 2025-nji ýylda durmuşa geçirilip başlanmagyna garaşylýar, ony ýerine ýetirmek üçin tender ýakyn iki aýda yglan ediler.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......