«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň ýedinji sany çykdy

  • 07.08.2024 11:22
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň ýedinji sanyny okyjylar köpçüligine hödürledi.

Arkadagly ýaşlar özleriniň söýgüli neşiriniň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda «Ady dünýä dolan beýik Pyragy» atly makalada bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň iýul aýynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran sapary we onuň netijeleri barada gürrüň edilýän makalany okap bilerler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen Pariž Olimpiadasyna gatnaşýan sport žurnalistiniň Fransiýanyň paýtagtyndan taýýarlap ugradan makalasy neşirde dessine öz ornuny tapypdyr. Indiki makala Türkmenistanyň ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşmagynyň dowamyndaky wakalary beýan edýär. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan ilkinji makala Internet giňişliginiň sanýetmez mümkinçiliklerine bagyşlanypdyr. Bu pikir «Emeli aň» ― adamzat aňynyň kämil önümi» atly täsirli makalada hem dowam etdirilýär.
Nobatdaky makalada akyldar şahyryň paýhas hazynasy öz beýanyny tapýan bolsa, «Bir wakanyň üç žanrdaky beýany» atly makala meşhur Aýal bagşy ýordumy barada gyzykly maglumatlary paýlaşýar.
Däp bolşy ýaly, elektron žurnal täze sanynda hem okyjylaryna ýaş döredijileriň birnäçesiniň täze ýazan şygyrlaryny hödürleýär.
«Azyk howpsuzlygy ― döwrüň talaby» atly makalanyň awtory ýurdumyzyň bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky gadamlaryna üns çekipdir.
Neşiriň täze sanyny žurnalyň «Türkmenmetbugat» web-saýtyndaky we onuň mobil goşundysyndaky ýörite sahypasyndan ýükläp bilersiňiz.


şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....