Beýik Britaniýada okamak isleýän türkmen talyplary üçin “Chevening” talyp hakly maksatnamasy açyldy

  • 06.08.2024 12:16
  • 7.3k+

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2025-2026-njy okuw ýyly üçin “Chevening” maksatnamasyna arzalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi. Beýik Britaniýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu talyp hakly maksatnama türkmen talyplaryna britan ýokary okuw mekdeplerinde magistr derejesini almaga mümkinçilik berýär. Bu barada maglumat «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Bu maksatnama mugallymlary taýýarlamak hem-de iňlis dilini öwrenmek boýunça okuwlardan başga hünärleriň giň toplumy girýär. Talyp haky okuw, ýaşaýyş we ulag çykdajylaryny doly ýapýar. Dalaşgärler iňlis dilini oňat bilip, karýerasyna täze başlan ýa-da onuň ortasyna ýeten bolmaly.
Maksatnama gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli 
www.chevening.org/apply resmi saýtynda elektron sowalnamany doldurmaly. Goşmaça maglumaty Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň resmi saýtyndanFacebook we Instagram sahypalaryndan ýa-da ilçihana bilen elektron poçta (ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk) arkaly habarlaşyp alyp bolar.
Ähli dalaşgärler saýlap-seçip almak döwründen geçerler. Saýlap-seçiş alyş işinden üstünlikli geçen dalaşgärler 2025-nji ýylyň iýunynda yglan ediler.


01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......