Hytaýda täze Volkswagen Tiguan X 2024 krossoweri 7000 dollar arzanladyş bilen satylyp başlandy

  • 05.08.2024 22:15
  • 7.1k+

SAIC we Volkswagen-iň bilelikdäki kärhanasy 2024-nji model ýylynyň täze Volkswagen Tiguan X krossowerini hytaý bazarynda satuwa çykardy diýip, Autohome habar berýär.

Modeliň daş keşbi öňküligine galdy. Awtoulag, mümkin boldugyça iň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýekeje 330TSI Ultimate wersiýasynda hödürlenýär.
Awtoulag 7 basgançakly robot we öň priwod bilen bilelikde işleýän 186 at güýjüni öndürýän 2.0 litrlik turbo hereketlendirijisi we 20 dýuýmlyk teker diskleri bilen enjamlaşdyrylandyr.
Täze önümiň bahasy 35 müň dollar, ýöne awtoulag jemi 7 müň dollara ýetýän dürli arzanladyşlar we bonuslar bilen hödürlenýär. Bu bolsa, Volkswagen Tiguan X 2024-i hytaý bazarynyň iň özüne çekiji teklipleriniň birine öwürýär.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......