Olimpiýa oýunlary-2024: ABŞ medal sanawynda birinji orna çykdy

  • 05.08.2024 14:36
  • 5k+

Parižde Olimpiýa oýunlarynyň dokuzynjy ýaryş güni tamamlandy. Medal sanawynda birinji orna ABŞ-nyň milli ýygyndysy çykdy. 4-nji awgustyň ahyryna çenli amerikan toparynyň hasabynda 19 altyn, 26 kümüş we 26 bürünç medal boldy. Umumy medal sany 71-e ýetdi.

Ikinji orna Hytaý düşdi, onuň hasabynda 19 altyn, 15 kümüş we 11 bürünç medal bar (jemi – 45). Üçlügi Fransiýa jemleýär (12-14-18, jemi – 44).
Ýekşenbe güni sportuň 13 görnüşinde 39 medal toplumy paýlandy.
Günüň esasy wakalary:

  • ·37 ýaşly serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç karýerasynda ilkinji gezek erkekleriň arasynda ýekelikde Olimpiýa çempiony boldy.
  • ·Filippinlerden sport gimnastikaçysy Karlos Ýulo eliňi diräp bökmekde ýeňiji boldy. Mundan öň, Parižde ol erkin maşklarda iň gowy gimnastikaçy boldy.
  • ·Amerikaly Ksander Şoffel golf ýaryşynda altyn medal gazandy.
  • ·Amerikaly suwda ýüzüji Bobbi Fink 1500 metre erkin usulda ýüzmekde ýeňiji bolup, dünýä rekordyny täzeledi.
  • ·Beýiklige bökmekde ukrainaly Ýaroslawa Maguçih ýeňiji boldy.
  • ·Amerikaly Noa Laýls 100 metre ylgamakda ýamaýkaly Kişan Tompsondan 0,005 sekunt öňe geçip, ýeňiji boldy.
  • ·Hytaýyň zenanlar ýygyndysy 4x100 m kombinirlenen estafetada ýeňiş gazandy.
  • ·Şwesiýaly suwda ýüzüji Sara Şýostrem 50 metre erkin usulda ýüzüşde ýeňiji boldy. Öň, ol Parižde 100 metre erkin usulda ýüzmekde altyn medal aldy.
  • ·Belgiýaly triatlonçy Kler Mişel Senadaky ýüzüşden soň hassahana ýerleşdirildi, onda içege taýajyklary ýüze çykaryldy. Türgen eýýäm dört gün bäri lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar. Şu sebäpli Belgiýa topary 5-nji awgustda geçirilmeli garyşyk estafetadan çekilmäge mejbur boldy.

Toparlaryň ýeňişleri:

  • ·ABŞ-nyň milli ýygyndysy welosport boýunça topar ýaryşynda altyn medal aldy.
  • ·ABŞ-nyň zenanlar ýygyndysy 4x100 m kombinirlenen estafetada ýeňiji bolup, dünýä rekordyny goýdy.
  • ·Hytaýly suwda ýüzüjiler erkekleriň arasynda 4x100 m kombinirlenen estafetada ýeňiş gazandylar.
  • ·Italiýalylar Sara Errani we Ýasmin Paolini Olimpiýa tennisinde Italiýa üçin ilkinji altyn medaly gazandylar.
  • ·Ýaponiýanyň gylyçlaşma boýunça topary erkekleriň arasynda geçirilen toparlaýyn rapira ýaryşynda altyn medal gazandy.

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......