Jokowiç Alkarasy utup, karýerasynda ilkinji gezek Olimpiýa çempiony boldy

  • 04.08.2024 22:26
  • 7k+

Serbiýaly tennisçi, dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç Pariždäki Olimpiýa ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda birinji belgi bilen ýerleşdirilen Jokowiç finalda dünýäniň üçünji raketkasy, ispaniýaly Karlos Alkarasy iki setde 7:6 (7:3), 7:6 (7:2) hasabynda utdy. Duşuşyk üç sagat töweregi dowam etdi. 

Jokowiç bilen Alkarasyň arasynda şahsy duşuşyklarda hasap serbiýalynyň peýdasyna 4-3 boldy. 
Belläp geçsek, mundan öň şu möwsümde 21 ýaşly Alkaras “Uimbledonyň” finalynda 37 ýaşly Jokowiçi üç setde utdy.
Jokowiç üçin Fransiýadaky Oýunlar karýerasynda bäşinji boldy, oňa ilkinji gezek Olimpiýa altyn medalyny gazanmak başartdy. Öň, ol 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiadada ýekelikde bürünç medala eýe boldy. Alkaras Olimpiada ilkinji gezek gatnaşdy.
Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlaryndaky ýeňişleriniň sany boýunça rekord eýesidir (24). Alkarasyň hasabynda şeýle tituldan dördüsi bar – “Uimbledon” (2023, 2024), “Rolan Garros” (2024) we US Open (2022).


05.03.2026 21:17
3.1k+

Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi...

03.03.2026 11:20
3.2k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.7k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.4k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...