ABŞ-ly suwda ýüzüji erkin usulda ýüzmekde 12 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

  • 05.08.2024 11:38
  • 4.2k+

Amerikaly suwda ýüzüji Bobbi Fink Parižde Olimpiýa oýunlarynda erkin usulda 1500 metr aralyga ýüzmekde altyn medal gazandy. Şol bir wagtda ol täze dünýä rekordyny goýdy. Onuň görkezen netijesi 14 minut 30,67 sekunda deň boldy. Bu görkeziji babatda ol hytaýly Sun Ýanyň 2012-nji ýylyň awgustynda goýan rekordyndan geçdi (14.31,02).

Ýaryşda kümüş medaly 14.34,55 görkeziji bilen italiýaly Gregorio Paltrinýeri eýeledi, irlandiýaly Deniel Wiffen üçünji boldy (14.39,63).
24 ýaşly Fink Pariž Olimpiadasynda ikinji medalyny gazandy. Ondan öň, ol 800 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde ikinji orny eýeledi.


06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.7k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......