ABŞ-ly suwda ýüzüji erkin usulda ýüzmekde 12 ýyllyk dünýä rekordyny täzeledi

  • 05.08.2024 11:38
  • 4.2k+

Amerikaly suwda ýüzüji Bobbi Fink Parižde Olimpiýa oýunlarynda erkin usulda 1500 metr aralyga ýüzmekde altyn medal gazandy. Şol bir wagtda ol täze dünýä rekordyny goýdy. Onuň görkezen netijesi 14 minut 30,67 sekunda deň boldy. Bu görkeziji babatda ol hytaýly Sun Ýanyň 2012-nji ýylyň awgustynda goýan rekordyndan geçdi (14.31,02).

Ýaryşda kümüş medaly 14.34,55 görkeziji bilen italiýaly Gregorio Paltrinýeri eýeledi, irlandiýaly Deniel Wiffen üçünji boldy (14.39,63).
24 ýaşly Fink Pariž Olimpiadasynda ikinji medalyny gazandy. Ondan öň, ol 800 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde ikinji orny eýeledi.


düýn 11:50
4.9k+

Ultramarafonçy krokodilli derýada ýüzüp, tizlik rekordyny goýdy

Britan-awstraliýaly ultramarafonçy Endi Donaldson Awstraliýanyň krokodiller ýaşaýan Ord derýasynda 55 km aralygy ýüzüp geçmek boýunça tizlik rekordyny goýdy. Türgen bu aralygy 11 sagat 51 minutda ýüzüp geçdi......

27.04.2026 01:02
1.6k+

Keniýaly Sebastýan Sawe taryhda ilkinji bolup marafony 2 sagatdan az wagtda ylgap geçdi

Keniýaly ylgawçy Sebastýan Sawe Londonda geçirilen ýaryşda marafon aralygy boýunça täze dünýä rekordyny goýup, taryha girdi. Türgen dünýäde ilkinji bolup bu aralygy iki sagatdan az wagtda, ýagny 1 sagat 59......

11.04.2026 11:48
7.9k+

Dana Waýt UFC-niň Ak tamda geçmeli turnirine päsgel berýän mesele hakda aýtdy

2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Ak tamyň Günorta meýdançasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän UFC Freedom 250 turniri, diňe bir promouşeniň däl, eýsem tutuş sport taryhyndaky iň uly we täsirli wakalaryň biri......

06.04.2026 16:13
3.3k+

19 ýaşly basketbolçy NBA-nyň taryhynda ilkinji gezek 50-den köp utuk toplady

“Dallas Maweriks” toparynyň täze gelen 19 ýaşly hüjümçisi Kuper Flegg NBA-nyň taryhynda bir oýunda 50 ýa-da ondan hem köp utuk gazanan iň ýaş oýunçy boldy. Ol möwsümiň dowamynda “Orlando Mäjik” toparyna garşy......