«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ sargyt esasynda awtobus hyzmatlaryny hödürleýär

  • 29.04.2026 16:13
  • 11k+

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar, syýahatçylyk edaralary we raýatlar üçin awtobuslary sargyt etmek hyzmatynyň ýola goýlandygyny habar berdi.

Bu hyzmatdan dynç alyş ýerlerine gezelençleri gurnamak, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, aramgählere we zyýaratlara gidip gelmek maksady bilen peýdalanyp bolar.

Sargyt esasynda amala aşyrylýan gatnawlar tejribeli sürüjiler tarapyndan rahat we döwrebap awtoulaglarda ýerine ýetirilýär. Hödürlenilýän ähli ulag serişdeleri doly tehniki abatlyk ýagdaýynda bolup, olar ýolagçylaryň howpsuzlygyny hem-de oňaýlylygyny üpjün edýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat şäheri, Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 422-nji jaýy, Halkara awtomenziliniň 1-nji gaty.

Telefon belgileri: +99361-49-34-95; 44-35-20.


şu gün 07:37
3.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 10:55
6.2k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

28.05.2026 23:41
5.3k+

Şweýsariýada ugry näbelli, wagt tertibi bolmadyk awtobus gatnawy ýola goýuldy

Şweýsariýanyň Baden we Wettingen şäherlerinde «0-njy ugur» diýen at bilen üýtgeşik taslama badalga berildi. Bu taslamanyň çäginde gatnaýan awtobusuň kesgitli bir ugry, wagt tertibi we soňky duralga nokady......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....