19 ýaşly basketbolçy NBA-nyň taryhynda ilkinji gezek 50-den köp utuk toplady

  • 06.04.2026 16:13
  • 3.4k+

“Dallas Maweriks” toparynyň täze gelen 19 ýaşly hüjümçisi Kuper Flegg NBA-nyň taryhynda bir oýunda 50 ýa-da ondan hem köp utuk gazanan iň ýaş oýunçy boldy. Ol möwsümiň dowamynda “Orlando Mäjik” toparyna garşy oýnalan oýunda 51 utuk gazandy.

Oýun Dallasyň 127:138 hasabyndaky ýeňlişi bilen tamamlandy. 

Duşuşyk wagtynda Flegg 19 ýaş we 103 günlükdi. Ol 2009-njy ýylyň 14-nji noýabrynda 20 ýaş we 52 günlük wagtynda 55 utuk toplap, Brendon Jenningsiň goýan öňki rekordyndan geçdi.

Bir oýunda 50 utuk gazanmak derejesinden geçen iň ýaş oýunçylaryň arasynda Lebron Jeýms (56 utuk; 20 ýaş, 80 gün), Dewin Buker (70 utuk; 20 ýaş, 145 gün) we Wiktor Wembanýama (50 utuk; 20 ýaş, 314 gün) dagylar hem bar.

Mundan başga-da, bu Fleggiň şu möwsümde azyndan 40 utuk toplan üçünji oýny bolup, bu 1996-97-nji ýyllarda Allen Aýwersonyň döwründen bäri täze oýunçynyň iň gowy oýnudyr.

Kuper Flegg 2025-nji ýylyň NBA draftynda umumy saýlanan birinji belgili oýunçysy boldy. Bu möwsümde ol her oýunda ortaça 20,8 utuk gazanýar, 6,6 gezek topy yzyna gaýtaryp, 4,5 gezek netijeli pas berýär.


06.06.2026 11:31
3.3k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......