Italiýaly tennisçiler ýurduň taryhynda ilkinji Olimpiýa altyn medalyny gazandylar

  • 05.08.2024 11:42
  • 2.1k+

4-nji awgustda italiýaly tennisçiler Ýasmin Paolini we Sara Errani öz ýurduna uly üstünlik getirdiler. Olar taryhda tennis ýaryşynda Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny gazandylar.

Pariždäki Olimpiada-2024-üň final duşuşygynda olar russiýaly tennisçiler Mirra Andreýewa bilen Diana Şnaýderi 2:6, 6:1, 10:7 hasabynda utdular.
Dünýäniň bäşinji raketkasy Paolini mundan öň 2024-nji ýylda “Rolan Garrosyň” we “Wimbledonyň” finalyna çykypdy. Errani bolsa Roberta Winçi bilen jübüt görnüşde karýera “Tuwulgasynyň” eýesidir.
Belläp geçsek, bu Italiýanyň milli ýygyndysynyň Pariždäki Olimpiadada tennis boýunça ýeke-täk medaly däl. Mundan öň, dünýäniň 16-njy raketkasy Lorenso Muzetti öz ýurduna soňky 100 ýylda tennis boýunça ilkinji Olimpiýa medalyny getirdi. Erkekleriň arasynda ýekelikde üçünji ýer üçin oýunda Muzetti kanadaly Feliks Ože-Alýassimi 6:4, 1:6, 6:3 hasabynda utup, bürünç medal gazandy. Soňky gezek 1924-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Uberto de Morpurgo hem bürünç medal gazanypdy.
Erkekleriň arasynda ýekelikde çempion karýerasynda ilkinji gezek serbiýaly Nowak Jokowiç boldy, kümüş medaly ispaniýaly Karlos Alkaras aldy.


24.10.2025 16:52
6.9k+

Awstraliýada Olimpiada-2032 üçin krokodilli derýa saýlandy

Awstraliýanyň Kwinslend ştatyndaky krokodilli Fisroý derýasy Olimpiada-2032-niň milli guramaçylyk komiteti tarapyndan ýeňil gaýykda we kanoede kürekleme boýunça ýaryşlaryň geçiriljek ýeri hökmünde tassyklandy. Awstraliýanyň ýaýlym korporasiýasynyň habar bermegine görä, ýaryşlary Rokgempton şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär...

22.10.2025 20:05
752

Halkara tennis federasiýasy adyny World Tennis diýip üýtgeder

2026-njy ýyldan başlap Halkara tennis federasiýasy (International Tennis Federation, ITF) täze — World Tennis — atlandyrylar diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berýär. Adyny üýtgetmek baradaky karary ITF-iň düzümine girýän milli tennis birleşikleriniň köpüsi goldady...

17.10.2025 11:37
6.4k+

102 ýaşly we 97 ýaşly tennisçiler taryhda iň garrylaryň tennis duşuşygyny geçirdiler

Amerikaly Artur Lind bilen awstraliýaly Genri Ýang tennis taryhyna girip, iň garry oýunçylaryň arasyndaky duşuşygy geçirdiler. Bu barada Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) metbugat gullugy habar berdi. 102 ýaşly Ýang we 97 ýaşly Lind Horwatiýanyň Bol şäherinde geçirilen ITF World Championship ýaryşynyň çärýek finalynda duşuşdylar...

11.10.2025 14:07
7.5k+

Transfermarkt Seriýa A-nyň oýunçylarynyň bazar bahasyny täzeledi: Martines arzanlady, Ýyldyz gymmatlady

Transfermarkt portaly Seriýa A ligasynyň futbolçylarynyň bazar bahasyny täzeledi. “Interiň” argentinaly hüjümçisi Lautaro Martines 10 mln ýewro arzanlady, ýöne çempionatyň iň gymmat oýunçysy adyny saklady – indi ol 85 mln ýewro bilen bahalandyrylýar...