Üstünden 500 million ýyl öten, beýnisi saklanyp galan kiçijik liçinkanyň galyndylary tapyldy

  • 04.08.2024 12:43
  • 5.7k+

Alymlar üstünden, takmynan, 500 million ýyl öten, mikroskop astynda görünýän liçinkanyň galyndylaryny tapdylar. Hytaýyň Ýunnan welaýatyndan tapylan, çäge zerresiniň ölçegindäki galyndynyň nerwleri, gan aýlanyş ulgamy, aýaklary we gözleri, hatda beýnisi hem saklanyp galypdyr - diýip, Live Science ýazýar.

Galyndy kembriý döwrüne degişli Ýuanşan gaýasyndan tapyldy. Liçinkanyň ýumşak dokumalarynyň saklanyp galmagy, megerem, onuň ýaşan suwunda fosforyň köp bolandygy bilen baglanyşykly bolsa gerek. Ölümden soň fosfor dokumalaryň ornuny tutup, galyndyda olaryň gurluşyny saklapdyr.
Youti yuanshi (hytaý diliniň “liçinka” we “ýönekeý” sözlerinden gelip çykýar) diýlip atlandyrylan liçinka täze görnüşe degişli we möý, leňňeç we mör-möjekler ýaly, häzirki zaman bognaýaklylarynyň ata-babasy bolmagy ähtimal. Onuň gabarasynyň kiçijikligi (çäge zerresi ýaly) we näzikligi tapyndyny hasam özboluşly edýär.

“Haýsy galyndylary tapmak isleýändigim barada pikirlemde, hemişe bognaýaklylaryň liçinkasyny tapmagyň arzuwyny edýärdim. Esasy zat, ösüş baradaky maglumatlar olaryň ewolýusiýasyna düşünmekde şeýle möhüm rol oýnaýar. Ýöne bu jandarlar şeýle bir kiçijik we näzijek welin, olary gaýalardan  tapmak mümkin däldi - ýa-da men şeýle pikir edýärdim "- diýip, barlagyň awtory, Beýik Britaniýanyň Darem uniwersitetiniň paleontologiýa ugrundan dosenti Martin Smit aýdýar.

Bu tapyndy alymlara bognaýaklylaryň irki ewolýusiýasy, esasanam, beýniniň we nerw ulgamynyň ösüşi barada gymmatly maglumatlary berýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....