Saud wekiliýeti Aşgabatda Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna baryp gördüler

  • 04.08.2024 20:44
  • 3.1k+

1-nji awgustda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň Ýerine ýetiriji başlygy Turki Al-Şuwaýyryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn ylmy hyzmatdaşlygyň gazanylanlaryny we geljegini, şol sanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly çäreleri maslahatlaşdylar. Er-Riýadda Magtymgulynyň eserleriniň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde myhmanlar şeýle hem «Köne Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna baryp gördüler.


düýn 19:49
2.3k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:37
4.8k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......