Tesla kapoty bilen bagly kemçilik zerarly 1,85 million elektromobilini yzyna çagyrýar

  • 02.08.2024 22:31
  • 3.8k+

Tesla kompaniýasy awtoulagyň hereket wagtynda kapotynyň öz-özünden açylyp bilmek howpy zerarly ABŞ-da 1,85 million elektromobilini yzyna çagyrýar. Bu kemçilik sürüjini ýapylmadyk kapot baradaky signaldan mahrum edýän gulpuň mikrogeçirijileriniň deformasiýasy bilen baglanyşyklydyr. Kapotyň ýolda açylyp, sürüjiniň öňüni ýapmagy, netijede bolsa dürli ýol heläkçiliklerine sebäp bolmagy mümkin diýip, Bloomberg habar berýär.

Milli ýol hereketi howpsuzlygy gullugynyň (NHTSA) hasabatyna görä, bu kemçilik 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan häzirki wagta çenli satylan Tesla Model 3, Model Y, Model X we Model S awtoulaglarynda bardyr.
Näsazlygy aradan aýyrmak üçin Tesla 18-nji iýunda hyzmat merkezine barmagy talap etmeýän bortdaky programma üpjünçiligini uzakdan täzeläp başlady.
Kompaniýa ýolda kapotyň açylmagy bilen baglanyşykly wakalaryň esasan Hytaýda hasaba alnandygyny we ABŞ-da diňe üç hadysanyň bardygyny aýdýar. Yzyna çagyrylan elektromobilleriň diňe 1%-ine bu kemçiligiň täsir edendigi çaklanýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....