Russiýadan matematika olimpiadasynyň ýeňijileri «Awaza» dynç almaga geldiler

  • 02.08.2024 16:42
  • 16k+

Ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary şu ýylyň 1-10-njy awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alyşda bolýarlar.

Halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary Hazaryň kenarynda dynç almak üçin ýurdumyza geldiler. Dostlukly ýurduň zehinli ýaşlaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli garşylanyldy.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara ders olimpiadasynda birinji orna eýe bolan okuwçylaryň toparyna medallar, Diplomlar, noutbuk kompýuter we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň hasabyna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş-dikeldiş merkezine 10 günlük ýollanma berildi.


Mälim bolşy ýaly, bu Halkara ders olimpiadasyna ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň 43-si, daşary ýurtlaryň 11-sinden – Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjandan, Belarusdan, Bolgariýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Türkiýe Respublikasyndan okuwçy ýaşlaryň 85-si gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.9k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......