Meta Llama 3.1-i işe girizýär: 405 milliard parametrli. GPT-4o-e çynlakaý bäsdeş

  • 02.08.2024 12:42
  • 1.9k+

Meta 405 milliard parametri öz içine alýan iri dil modeli (LLM) Llama 3.1-iň täze wersiýasyny hödürledi. Meta-nyň baş direktory Mark Sukerbergiň beren beýanatyna görä, Llama 3.1 modeli OpenAI (GPT-4o) we Anthropic (Claude 3.5) ýaly  modellerden birnäçe görkezijileri boýunça has ýokarydyr.

Açyk çeşme hökmünde elýeterli bolan täze model 16 000 Nvidia H100-iň grafiki prosessorlarynda taýýarlanýar. Meta Llama 3.1 405B-iň umumy bilim, matematiki endikler we köp dilli terjime ugurlarynda ýapyk önümler bilen bäsleşýän ilkinji gezek köpçülige hödürlenýän modeldigini öňe sürýär.
Uly model bilen birlikde, Meta 70 milliard we 8 milliard parametrli Llama modellerine täzelenmeler girizdi, bu hem, kompaniýanyň tassyklamagyna görä, bäsdeşlerinden has ýokarydyr.
AI modellerine eýeçilik edýän OpenAI-dan, Google-dan, Microsoft-dan we Antropic-den tapawutlylykda, Meta Llama-ny açyk çeşme hökmünde hödürleýär. Sukerberg bu çemeleşmäniň tehnologiýanyň artykmaçlyklaryna has giňişleýin elýeterliligi üpjün edýändigine, birnäçe iri kompaniýanyň elinde güýç jemlenmeginiň öňüni alýandygyna we AI-iň has ygtybarly ýaýbaňlandyrylmagyna  kömek edýändigine ynanýar.
Llama 3.-i1 resmi modeliň web sahypasyndan, şeýle hem Meta-nyň AWS, Nvidia, Databricks, Groq, Dell, Azure we Google Cloud ýaly hyzmatdaşlaryndan göçürip alyp bolýar. Ulanyjylar AI-ni Meta AI çat-botunda we käbir ýurtlarda Facebook-da, Instagram-da we WhatsApp-da synap bilerler.


25.06.2026 10:21
4.2k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......