Hytaýly Pan Çžanle 100 metre erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

  • 01.08.2024 14:56
  • 3.9k+

Hytaýly suwda ýüzüji Pan Çžanle Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda 100 metre erkin usulda ýüzmekde Olimpiýa çempiony boldy. 19 ýaşly türgen 46,40 sekunt netijäni görkezip, özüniň 2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Dohada geçirilen dünýä çempionatynda goýan dünýä rekordyny (46,80) täzeledi.

Kümüş medaly awstraliýaly Kaýl Çalmers aldy. Ol 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) bu ýaryşda ýeňiji bolupdy. Çalmers 47,48 netijäni görkezdi. Bürünç medala 47,49 netije bilen rumyniýaly Dawid Popowiç mynasyp boldy.
Hut Çžanleniň ýeňşi Hytaýa dokuzynjy altyn medaly getirdi we milli ýygyndyny medal sanawynda birinji orna çykardy. Çalmersiň medaly Awstraliýanyň milli ýygyndysy üçin 16-njy boldy. 19 ýaşly Popowiç Rumyniýanyň milli ýygyndysyndan Pariž-2024-üň ýeke-täk baýrak eýesidir, ol mundan öň 200 metre erkin usulda ýüzmekde çempion boldy.


düýn 23:43
4.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

21.06.2026 21:03
2.2k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....