Hyundai Ioniq 5 N 2024-nji ýylyň iň gowy sport elektromobili boldy

  • 01.08.2024 11:34
  • 3.8k+

Britaniýanyň AutoCar žurnaly 2024-nji ýylyň iň gowy sport elektromobilleriniň reýtingini düzdi. Sanawda birinji orny özüniň dolandyryjylygy we kuwwatly güýç gurluşy bilen haýran galdyran Hyundai Ioniq 5 N eýeledi. Iki hereketlendiriji bilen (öňdäki okda 223 at güýji we yzky okda 378 at güýji) bu elektromobil 641 at güýjüni berýär we 3,4 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar. Ol rahat we asuda häsiýeti sebäpli hem gündelik gatnawlar, hem ýaryş üçin amatlydyr.

Ikinji orunda owadan dizaýny, ýokary dolandyryjylygy, geçýän menzili we çalt zarýad beriş bilen tapawutlanýan Porsche Taycan ýerleşýär. Ýöne onuň kemçiligi-de bar: birneme dar salon we ikinji derejeli bazarda pes satylmagy.
Üçünji orny Audi kompaniýasynyň RS seriýasyndan ilkinji elektromobili Audi RS E-tron GT eýeledi. Ol ýokary kuwwatlylyga we akgynly herekete eýe, ýöne onuň bahasy gymmat we ol Audi RS8-iň ornuny doly tutup bilmeýär.
Dördünji orny ýokary öndürijilige eýe bolan, dünýäde iň tiz awtomobilleriň biri Rimac Nevera aldy. Onuň ýeke-täk kemçiligi – ýokary baha.
Bäşinji orny ýeňilligi we tizligi netijesinde köp elektrokarlardan öňe geçýän Lotus Evija eýeledi.
Şeýle-de, iň gowy sport elektrokarlarynyň ilkinji onlugyna şular girdi:

  • Pininfarina Battista;
  • Maserati Granturismo Folgore;
  • MG Cyberster;
  • BMW i4;
  • Kia EV6 GT.

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....