Türkmen sazandalary Wenada "One Future" festiwalynda "Altyn baýraga" mynasyp boldular

  • 31.07.2024 14:22
  • 1.4k+

Türkmenistanyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri 25 — 28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen X Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşdylar. Bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýan türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp boldular. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan Bütindünýä orkestr festiwalyna Türkmenistan bilen bir hatarda, Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly ýurtlardan jemi 17 orkestr gatnaşdy.
Ýurdumyzyň ýaşlar kamera orkestri zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Wena şäheriniň naýbaşy konsert zallarynyň sahnalarynda daşary ýurt nusgawy eserlerini ussatlarça ýerine ýetirip hem-de türkmen dutarynda täsirli çykyş edip, festiwala gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Medeni çäräniň barşynda dünýäde iň uly we abraýly Wena konserwatoriýasynda bu festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti, britan dirižýory, professor Tobi Pýorser türkmen sazandalary bilen ussatlyk sapagyny geçdi.
Festiwalyň çäklerinde orkestrleriň arasynda guralan bäsleşik hem örän çekeleşikli geçdi.


Bütindünýä orkestr festiwalynyň ýapylyş dabarasy «Altyn zal» ady bilen tanalýan, dünýäniň iň meşhur konsert zallarynyň biri bolan Wena filarmoniýasynda («Muzikferaýn») geçirildi. Bu ýerde hem tomaşaçylar türkmen sazandalaryny joşgunly goldap, olaryň çykyşlaryny el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Konsertiň ahyrynda festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Emin agzalarynyň biragyzdan iň ýokary, ýagny 40 bal bermegi bilen, türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp boldular. Festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti, britan dirižýory, professor Tobi Pýorser türkmen sazandalarynyň çykyşyna ýokary baha berip, bu orkestr bilen bilelikde konsertleri guramagy, mümkinçilik dörän halatynda, Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýändigini hem-de indiki ýylda geçiriljek Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çakylyk iberiljekdigini nygtady.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......