Aşgabatda «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 29.07.2024 21:28
  • 1.1k+

28-nji iýulda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 62-nji mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň degişli wise-premýerleri, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren «Hazar ekologik başlangyjyny» ara alnyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Ol başlangyç Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin täze halkara platforma bolmaga niýetlenendir.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 2024-nji ýyl üçin Meýilnamasynda görkezilen wezipelere laýyklykda Toparyň şu ýylyň geçen alty aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat diňlenildi.
Şeýle-de mejlisde her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Hazar deňiziniň güni bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri  işläp düzmekde ençeme ýyllaryň dowamynda işjeňlik görkezýändigini we Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Häzirki wagtda bu ugurdaky işler halkara hukugynyň çäginde hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlykda dowam etdirilýär.
Mundan başga-da, ýokarda agzalan Meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň çäklerinde öňde durýan  wezipelere aýratyn üns berildi.


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......