Türkmenistanda Owganystanyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili işläp başlady

  • 27.07.2024 09:02
  • 10k+

26-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Faýzal Muhammad Sabire Owganystanyň Türkmenistanda işler wagtlaýyn ynanylan wekiliniň ygtyýarlandyrylandygyny tassyklaýan resminamasyny gowşurdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň bellemegine görä, Faýzal Muhammad Sabir eýýäm birnäçe ýyldan bäri Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini nygtadylar we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan optiki-süýümli elektrik geçiriji ulgamynyň (TOP), şeýle hem Türkmenistandan Owganystana demir ýollaryň gurluşygynyň taslamalaryna aýratyn üns berildi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......