“Dedpul 3” filmiň treýleriniň rekord tomaşasy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 26.07.2024 07:55
  • 8.3k+

“Dedpul 3” filmi heniz çykyp ýetişmänkä, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Film 24 sagadyň içinde iň köp tomaşa edilen treýler hökmünde şahadatnama aldy. Bir günde lentanyň ilkinji treýlerine 365 mln gezek tomaşa edildi.

Baýrak filmde baş keşpleri ýerine ýetiren Hýu Jekmana we Raýan Reýnoldsa berildi. Reýnolds bu görkezijini treýlere 365 günüň içinde, takmynan, 1 mln gezek tomaşa edilmegi bilen deňeşdirdi.
Reýnoldsyň özüne-de ýene bir şahadatnama berildi, ol Uelsiň Rekshem şäherindäki aýlawyň eýýäm 147 ýyl 31 gün bäri ulanylýan iň gadymy halkara futbol meýdançasydygyny tassyklaýar. Aktýor Wrexham AFC futbol klubunyň egindeş eýesidir.
Dedpul we Rosomaha baradaky filmiň global premýerasy 26-njy iýulda bolar.


şu gün 08:26
606

«”Awe Mariýa” taslamasy» şu ýyl başlangyçda iň köp girdeji gazanan film boldy

«”Awe Mariýa”taslamasy» atly ylmy-fantastik drama Amazon MGM studiýasynyň taryhynda başlangyç görkezişlerde iň köp girdeji getiren film boldy. Bu hakda Variety neşiri habar berýär. Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky film Demirgazyk Amerikada 80,5 mln, halkara bazarlarda bolsa 60,4 mln, jemi dünýä derejesinde 140,9 mln dollar gazandy...

şu gün 07:07
904

Timoti Şalame emeli aň baradaky romanyň esasynda film surata düşürmegiň üstünde işleýär

Timoti Şalame Riçard Pauersiň The Playground ("Çagalaryň oýun meýdançasy") romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýar. Ol taslamany Warner Bros. bilen bilelikde durmuşa geçirer diýip, "Deadline" habar berýär . Aktýoryň filmde baş keşbi janlandyrjagy ýa janlandyrmajagy entek belli däl...

düýn 10:26
908

Teýlor Swift ABŞ-nyň ses ýazgysy senagatynyň girdejisini rekord derejä ýetirdi

2025-nji ýyda ABŞ-nyň sazçylyk pudagynyň umumy girdejisi rekord derejä –11,5 milliard dollara ýetdi. Bu barada Variety neşiri Amerikanyň ses ýazgysy kompaniýalar birleşigine salgylanyp habar berýär. Tölegli striming abunalaryndan gelýän girdejiler 6,8% ösüp, 5,88 milliard dollara ýetdi...

düýn 05:13
1.1k+

«Paddingtonyň» režissýory Labubu barada film düşürer

Sony Pictures amerikan kinokompaniýasy Labubu oýunjagy baradaky filmiň önümçiligine başlady diýip, CNBC habar berýär. Kompaniýa filmi düşürmek hukugyny 2025-nji ýylyň noýabrynda Hytaýyň Pop Mart oýunjak öndürijisinden satyn aldy...