Çak Norris aradan çykdy

  • 21.03.2026 03:13
  • 13k+

Meşhur aktýor we söweş sungatynyň ussady Çak Norris 86 ýaşynda dünýäsini täzeledi. Bu barada Variety neşiri habar berýär.

Maglumata görä, aktýor 20-nji martda irden öz ýakynlarynyň arasynda rahat ýagdaýda baky uka gitdi. Ol ondan bir gün ozal, 19-njy martda Gawai adalaryndaky hassahana ýerleşdirilipdi. Onuň maşgalasy öz beýanatynda: «Ol dünýä üçin syynmaz güýjüň we berk tertip-düzgüniň nyşany bolsa-da, biziň üçin adaty söýgüli kaka we maşgalanyň ýüregidi» diýip, gynançdan doly mähir bilen belledi.

Jemi 50-den gowrak filmde oýnan we 10-dan gowrak filmiň prodýuseri bolan aktýor 1989-njy ýylda Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» öz şahsy ýyldyzyna eýe boldy. Ol geçen birnäçe ýyllarda kinoda kän görünmedi. 2012-nji ýylda çykan «Gaýduwsyzlar-2» filmindäki keşbi onuň iň soňky döreden gahrymany bolup galdy.

Çak Norris diňe bir aktýor däl, eýsem taekwando we özüniň döreden çun-kuk-do stili boýunça gara guşaklaryň eýesi we dünýä çempionydyr. Onuň «Aždarhanyň ýoly» filminde Brýus Li bilen guran söweşi kino taryhynyň iň belli sahnalarynyň biri bolup galdy.

Aktýor 1940-njy ýylda Oklahomada dünýä indi. 1958–1962-nji ýyllarda ABŞ-nyň Harby-howa güýçlerinde gulluk etdi. Ol dünýä derejesindäki meşhurlygyny «Zabun Woker: Tehasça haklaşyk» serialy, şeýle hem «Aždarhanyň ýoly», «Ýalňyz böri Makkueýd» we «ABŞ-a çozuş» ýaly filmleri bilen gazandy.

Aktýoryň sagdyn durmuş ýörelgesi hem nusga edinilerçe bardy. Ol her gününi hökman irdenki ylgaw we kontrast duş, 15–20 minutlyk maşklar bilen başlaýardy. Her iki gündenem uly türgenleşik geçýärdi. Şeýle-de günde azyndan 3 km çalt ýörişi, ýogany, suwda ýüzmegi we taplaýjy maşklary ýerine ýetirmän goýmazdy.

10-njy martda aktýor özüniň 86 ýaşyny boks türgenleşigi bilen belläpdi we öz wideosyny paýlaşypdy. Ol şonda: «Men garramok. Kämilleşýän. Şu gün 86 ýaşadym! Özüňi ýaş duýmak üçin güneşli günde türgenleşmekden gowy zat ýok. Maňa ýene bir ýyl, saglykda we söýýän işim bilen meşgullanmaga mümkinçilik berleni üçin minnetdar» diýip ýazypdy.

Çak Norrisiň yzynda aýaly Jina O'Kelli, bäş çagasy, olaryň arasynda ogullary aktýor Maýk Norris we Nascar sürüjisi Erik Norris, şeýle hem agtyklary galdy.


düýn 23:54
746

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....