Pakistany güýçli harasat gaplady

  • 20.03.2026 12:19
  • 13k+

«Pakistanyň Karaçi şäherini örän güýçli harasat gaplap aldy» diýip, Euronews habar berýär. Güýçli ýagyş we şemal bilen gelen zabun howanyň netijesinde azyndan 19 adam pida boldy, köp sanly ýaşaýjy bolsa dürli şikese uçrady.

Tebigy apat binalaryň üçeklerini we diwarlaryny ýykdy, agaçlary köki bilen goparyp, mahabat tagtalaryna zeper ýetirdi. Şeýle-de käbir ýaşaýjylaryň elektrik togunyň urmagy sebäpli ejir çekendigi bellenilýär.

Aşa köp ýagan ýagyn birnäçe etraplarda suw joşgunlaryna sebäp boldy. Köçeler suwuň astynda galyp, ulaglaryň hereketini we adatdan daşary hyzmatlaryň işini kynlaşdyrdy. Halas edijiler gözleg-halas ediş çäreleriniň çäginde weýrançylyklaryň aşagyndan adamlary gözleýärler we harabalyklary arassalaýarlar.

Harasat çarşenbe güni başlap, penşenbe gijesine çenli dowam etdi. Pakistanyň meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, şemalyň tizligi sagatda 90 kilometre ýetdi. Şäher häkimiýeti ýaşaýjylary öýlerinde galmaga we zerurlyk bolmasa daşary çykmazlyga çagyrdy.

Karaçi — 20 million ilaty bolan, ýurduň iň uly şäheridir.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......

17.05.2026 23:10
11k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....