Timoti Şalame emeli aň baradaky romanyň esasynda film surata düşürmegiň üstünde işleýär

  • 24.03.2026 07:07
  • 2.2k+

Timoti Şalame Riçard Pauersiň The Playground ("Çagalaryň oýun meýdançasy") romanyny ekranlaşdyrmakçy bolýar. Ol taslamany Warner Bros. bilen bilelikde durmuşa geçirer diýip, "Deadline" habar berýär .

Aktýoryň filmde baş keşbi janlandyrjagy ýa janlandyrmajagy entek belli däl.

Kitabyň ýordumy Illinoýs uniwersitetiniň talyby Todd Kin barada gürrüň berýär. Ol sanly platforma bolan Playground-y döredýär, baýlyk gazanýar we Ýuwaş ummanynyň uzakdaky adasy bolan Makatea göçüp barýar. Waka kiberpank trilleriniň we daşky gurşaw kyssasynyň elementlerini utgaşdyrýar hem-de emeli aň temasyny gozgaýar.

Şalameniň baş keşbi janlandyran "Alaň" trilogiýasynyň soňky bölümi hem şu ýyl çykar. Şonuň bilen ugurdaşlykda, ol Paramount Pictures üçin režissýor Jeýms Mengold bilen bilelikde "Beýik tarap" atly ýaryş trilleriniň hem üstünde işleýär.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....