Hytaýda artykmaç agramyňy ete «çalyşmak» aksiýasy geçirilýär

  • 22.03.2026 21:14
  • 14k+

Hytaýyň Szýansu sebitindäki ýaşaýjylara horlanylan her 0,5 kg agramy üçin sygyr etiniň önümlerini (dil, guýruk we iç-goşlary) sowgat berýän täze aksiýa yglan edildi.

South China Morning Post neşiriniň habar bermegine görä, şeýle aksiýa 9-njy martda Usi şäheriniň Lýansi raýonynyň Şanbeý obasynda başlandy we 20-nji marta çenli dowam etdi. Gatnaşmak üçin 2400-den gowrak adam arza berdi. Esasy agram çekmek işleri 23-nji martdan 27-nji marta çenli geçiriler. Şondan soň gatnaşyjylar horlanyp başlarlar we öz netijeleri barada geljek ýylyň ýanwar aýynyň 1-inden 10-yna çenli ýörite komissiýany habardar ederler.

Aksiýa diňe ady agzalan sebitdäki durmuş üpjünçiligi hyzmatlaryny ýa-da lukmançylyk ätiýaçlandyryş töleglerini edýän ýerli ýaşaýjylara niýetlenendigi bellenilýär. Gatnaşyjylaryň beden agramynyň indeksi-de 23-den ýokary bolmalydyr. Aslynda bu indeks boýunça adamda 18,5-den 24,9-a çenli aralyk kadaly hasaplanýar. Aksiýa gatnaşmak isleýän aýallaryň biliniň ýogynlygy 80 sm-den, erkekleriňki bolsa 90 sm-den geçmegi-de hökmanydyr.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri käbir Aziýa ýurtlary üçin beden agramynyň indeksiniň halkara kadalardan has pes bolup biljekdigini belleýärler.


03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......

23.05.2026 13:12
3.6k+

3-nji iýunda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanda bedenterbiýe-sport we giň gerimli sagdyn durmuş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär....

21.05.2026 22:52
8.4k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....