«”Awe Mariýa” taslamasy» şu ýyl başlangyçda iň köp girdeji gazanan film boldy

  • 24.03.2026 08:26
  • 1.6k+

«”Awe Mariýa”taslamasy» atly ylmy-fantastik drama Amazon MGM studiýasynyň taryhynda başlangyç görkezişlerde iň köp girdeji getiren film boldy. Bu hakda Variety neşiri habar berýär.

Raýan Goslingiň gatnaşmagyndaky film Demirgazyk Amerikada 80,5 mln, halkara bazarlarda bolsa 60,4 mln, jemi dünýä derejesinde 140,9 mln dollar gazandy.

Bu görkeziji studiýanyň ozalky rekordy bolan «Krid-3» (58 mln dollar) filminden öňe geçmek bilen birlikde, «Çirkin ses 7» filmini hem yzda galdyrandygy üçin ýylyň iň şowly başlangyjy hasap edilmäge mynasypdyr. Tankytçylaryň ýokary bahalary-da (Rotten Tomatoes-da 95%) bu üstünligiň üstüni ýetirdi.

Endi Weýeriň adybir eseri esasynda surata düşürilen film üçin 200 mln dollar çykdajy edildi. Režissýorlar Fil Lord we Kristofer Miller taslamany IMAX we Dolby formatlary üçin kämil derejede döretdiler. Hut şu formatlar hem kassa ýygymynyň ýarysyndan gowragyny üpjün etdi.

Wakanyň merkezinde öňki mekdep mugallymy, häzirki kosmonawt Raýlend Greýs durýar. Bir gün gahryman komadan oýanyp, özüniň kosmos stansiýasynda ýekedigine göz ýetirýär. Ol özüniň kimdigini-de, bu ýere nädip düşenini-de ýadyna salyp bilmeýär. Wagt geçdigiçe, kosmonawta Ýeri täze buz eýýamyndan halas etmek üçin 12 ýagtylyk ýyly uzaklygyndaky Tau Kita ulgamyna iberilendigini ýatlamak başardýar. Raýlend nädibem bolsa bu wezipäni ýerine ýetirmegi ýüregine düwýär. Munuň üçin ol özüniň ähli ylmy tejribesini we oýlap tapyjlyk ukybyny ulanmaly bolýar.


düýn 23:54
624

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....